Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi

  • 14.10.2025 06:42
  • 3.6k+

13-nji oktýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen we rus tarapynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi.

Mejlise gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnulliniň ýolbaşçylygynda wekiliýet Aşgabada sapar bilen geldi.
Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden doly derejeli peýdalanmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Mejlisiň dowamynda türkmen we rus tarapynyň wekilleri şu gezekki duşuşygyň tagallalary birleşdirmek, bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak babatda möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler.
Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi. Iki dostlukly ýurduň wekilleri giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda anyk tekliplerini beýan etdiler. Netijeli ýagdaýda geçen mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara — Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem bilim ulgamynda, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda, oba hojalyk we atçylyk pudagynda, gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi.


düýn 19:38
4.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......