ÝB möhüm on pudakda EA-nyň ornaşdyrylmagy üçin 1 mlrd ýewro bölüp berer, bu o diýen köp däl

  • 11.10.2025 14:05
  • 2.4k+

Ýewropa Komissiýasy ykdysadyýetiň möhüm on pudagynda emeli aňy ornaşdyrmak boýunça başlangyjyň işe girizilendigini habar berdi. Täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin 1 mlrd ýewro bölüp bermek meýilleşdirilýär.

Edara “EA-ny ulanmak boýunça strategiýada” kompaniýalary diňe bir ofis işinde däl, eýsem senagatda, lukmançylykda, farmasewtikada, daşky gurşawyň goragynda we beýleki ugurlarda tehnologiýany işjeň ulanmaga çagyrýar. Ýewrokomissiýanyň tehnologiki garaşsyzlyk, howpsuzlyk we demokratiýa boýunça wise-prezidenti Henna Wirkkunen strategiýanyň maksadynyň ABŞ we Hytaý bilen deňeşdirilende Ýewropanyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdygyny aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler çäreleriň netijeliliginiň o diýen ýokary bolup bilmejekdigini belleýär. 2024-nji ýylda ÝB emeli aň ýaly ösen tehnologiýalary maliýeleşdirmek üçin 256 mln ýewro bölüp berdi, ýöne ABŞ şol maksatlara 6 mlrd dollar (5,16 mlrd ýewro) bölüp berdi. ÝB-niň EA taslamalaryna maýa goýumlary 7 mlrd ýewro boldy, ABŞ bolsa şol walýuta geçirilende 58,5 mlrd ýewro, Hytaý 12,9 mlrd ýewro sarp etdi.
Ýylyň ahyryna çenli Ýewrokomissiýa kompaniýalar üçin düzgünleşdiriji talaplary ýeňilleşdirmegi we 2027-nji ýylda güýje girjek “EA barada kanuny” ýönekeýleşdirmegi meýilleşdirýär. 
Şeýle-de, strategiýa EA modellerini okatmak üçin “gigafabrikalaryň” gurluşygyny, startaplary goldamagy we saglygy goraýyşda, senagatda, energetikada, logistikada, gurluşykda, oba hojalygynda, goragda, aragatnaşykda we medeniýetde tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Geljekde pudaklaryň sanawy giňelip biler. 


23.06.2026 22:17
2.5k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

17.06.2026 11:27
2.5k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......