Türkmenistanyň Prezidenti eksport-import harytlarynyň nyrhlaryna gözegçilik etmek boýunça teklibi goldady

  • 09.10.2025 10:12
  • 7k+

8-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan bu ugurda edilýän işlerde eksport we import edilýän önümler boýunça dünýä bazarlarynyň ýagdaýy baradaky halkara maglumat ulgamlaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 11:28
561

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 09:41
2.2k+

Bloomberg: Dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy bir günde rekord $336 mlrd artdy

15-nji iýunda Nýu-Ýork gazna biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça dünýäniň iň baý 500 adamynyň şahsy baýlygy 336 milliard dollar artdy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....