Türkmenistanyň Prezidenti maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek bilen bagly karara gol çekdi

  • 09.10.2025 09:53
  • 7k+

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

8-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasyny» taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, strategiýada ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary we ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, halkara standartlary, milli bähbitleri nazara almak bilen, dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesini göz öňünde tutup, maliýe bazarynyň institusional gurluşyny hem-de Türkmenistanyň maliýe bazarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek, maýa goýumlary artdyrmak, milli ätiýaçlandyryş bazarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


şu gün 07:42
178

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......