Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Gabala sammitinde çykyş etdi

  • 08.10.2025 08:38
  • 5.9k+

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşdy.

Sammitiň geçýän ýeri bolan Geýdar Aliýew kongres merkezinde türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyz özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda tutanýerli tagalla edýär. Bu gatnaşyklaryň binýady deňhukuklylyga, birek-birege hormat goýmaga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýar. Türkmenistan şunuň ýaly asylly we uzak möhletleýin maksatlary amala aşyrmak üçin energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk we beýleki strategik ugurlarda sebit hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürýär, olary durmuşa geçirmek üçin has-da işjeň işleri alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn ornuna ünsi çekdi.


Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

"Şeýle hem iki halkyň halyçylyk we haly dokamak däplerini ösdürmek babatda tagalla edýäris. Şol bir wagtda bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda işleşmegi göz öňünde tutýarys. Bu çäreleriň medeni gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýarys. Şunuň ýaly çäreleri beýleki doganlyk ýurtlar bilen hem guramagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ylym we bilim ulgamynda akademiki alyşmalary giňeltmäge, talyp haky maksatnamalaryny ýola goýmaga, halklarymyzyň taryhyny we medeni mirasyny öwrenmek boýunça bilelikdäki işleri alyp barmaga hem aýratyn ähmiýet berilmeginiň zerurdygyny belledi. Sport we bedenterbiýe babatda bolsa ýurtlarymyzyň arasynda halkara ýaryşlary, türgenleşik çärelerini geçirmegi, ýaşlaryň arasynda fiziki işjeňligi wagyz edýän maksatnamalary amala aşyrmagy ýerlikli hasaplaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ähli döwletler bilen has önjeýli we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.
Prezident Ilham Aliýew çuň manyly çykyşy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, çykyşyň dowamynda beýan edilen teklipleriň türki döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly ähmiýetini belledi.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......