Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

  • 07.10.2025 06:49
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, iki ýurduň strategik gatnaşyklaryny ösdürmäge rus Lideriniň hut özüniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Wladimir Putin şu ýyl 73 ýaşaýar. Ol 1952-nji ýylda Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) şäherinde dünýä indi.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......