Türkmen wekiliýeti Tokioda ylmy-tehniki ugurlarda täze taslamalary maslahatlaşdy

  • 07.10.2025 06:24
  • 2.5k+

3–4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Ýaponiýanyň Tokio şäherine sapary amala aşyrdy. Saparyň dowamynda wekiliýet Ýaponiýanyň ylmy-tehniki ugrunda iş alyp barýan döwlet edaralarynyň, guramalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

3-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Ýokary bilim we durmuş üpjünçiligi işleri boýunça toparynyň direktory D.Ueda bilen duşuşdy. Duşuşykda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, JICA agentligi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary üçin taýýarlanylýan okuw maksatnamalarynyň hem-de hünär taýýarlygy boýunça taslamalarynyň dowam etdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, agzalan agentligiň tehniki hyzmatdaşlygynyň çäginde akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň giňeldilmegi bellendi.

Şol gün Tokio şäherinde G.Mezilow Ýaponiýanyň Kawasaki senagat ösüş institutynyň Nanomedisina innowasiýa merkeziniň direktorynyň orunbasary K.Nagai bilen duşuşdy. Duşuşykda nanomedisinanyň häzirki ösüş ugurlary, onuň ynsanperwer ulgamyndaky orny, şeýle hem bu ugurda Ýaponiýada alnyp barylýan öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijeleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Nanotehnologiýa ugurlarynda bilim alýan türkmen talyplary üçin agzalan merkezde tejribelik okuwlarynyň guralmagy we bilelikde ylmy-barlag taslamalarynyň taýýarlanylmagy teklip edildi.

Şeýle hem, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň başlygy H.Koinuma we agzalan assosiasiýanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşykda türkmen-ýapon ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde alnyp barylýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, şol bir wagtda ynsanperwer ulgamda täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň döredilmegi, bilelikdäki ylmy maslahatlaryň, okuwlaryň guralmagy, şeýle hem mugallymlaryň we talyplaryň akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň giňeldilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň «Tohkemy Corporation» korporasiýasynyň bölüm ýolbaşçysy M.Ýamazumi bilen duşuşygy hem geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ýokary tehnologiýalar we önümçilik ulgamlarynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň «Tohkemy Corporation» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen suw arassalaýjy ulgamynyň taslamasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek meselelerine seredildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......