Aşgabatda “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

  • 04.10.2025 14:53
  • 1.7k+

3-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň, BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) bilelikde yglan etmeginde geçirildi diýip, guramaçylar habar berdiler.

Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň esasy maksady okuwçylaryň ozon gatlagyny goramak baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden, ylmy-barlag we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybarat boldy.
Bäsleşige Aşgabadyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Olar "Ozon gatlagyny gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin adamlar näme edip biler?" atly tema boýunça görkezme maketleri we taslama işlerini hödürlediler.

Netijede, 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň okuwçylary Hallyberdiýew Ybraýym, Akgaýewa Akgül, Ataýewa Aýşa, Demidowskiý Stanislaw dagy bilelikde taýýarlan işleri bilen mynasyp boldular. Ikinji orna Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçylary Ahmedow Ahmet we Agamyradow Alyhan bilelikde mynasyp boldular. Üçünji orny Aşgabat şäheriniň 34-nji orta mekdebiniň okuwçysy Durdyýewa Gülnur eýelemegi başardy.

"Ýaşlarymyzyň ekologiýa we klimat temalaryna uly gyzyklanma bildirýänligi bizi buýsandyrýar. Olar ozon gatlagyny goramak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça nähili ädimleri ätmelidigini görkezýän täzeçil maketleri we taslamalary hödürlediler. Bu bäsleşik olaryň döredijilik ukybyny açyp görkezdi" - diýip, "Ýaş tebigatçy" jemgyýetçilik guramasynyň halkara işler boýunça hünärmeni Merjen Akyýewa bäsleşigiň ähmiýeti barada belläp geçdi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Gatnaşanlaryň ählisine bolsa degişli sertifikatlar berildi.   

 


13.06.2026 16:56
2.2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

27.04.2026 01:07
1.5k+

«Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginde ýaş zehinler öz innowasion taslamalaryny hödürledi

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurt boýunça iki ýüze golaý zehinli okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen «Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi....

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2.1k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......