EXPO-2025 sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görenleriň sany iki milliondan geçdi

  • 01.10.2025 13:41
  • 8.3k+

Osakada geçirilýän EXPO-2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyna şu güne çenli 2 milliondan gowrak adam baryp gördi. Bu barada serginiň guramaçylary habar berdi. Häzirki ýagdaýa çenli türkmen pawilýonynyň saýtyndaky maglumata görä, bu san 2 mln 5 müň adamdan geçdi we bu san artmagyny dowam edýär.

Pawilýonyň arhitekturasy milli nagyşlar we döwrebap dizaýn çözgütleri bilen sergä gelýänleriň ünsüni çekýär. Onuň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy, bu bolsa Türkmenistanyň durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
Pawilýondaky sergi innowasion tehnologiýalara, ykdysady kuwwata we Türkmenistanyň medeni mirasyna bagyşlanan mowzuklaýyn bölümleri öz içine alýar. Myhmanlar türkmen halylarynyň kolleksiýasyny görüp, milli nakgaşçylyk bilen tanşyp, milli aşhananyň tagamlaryndan dadyp bilerler.
Pawilýonyň taslamasyny «Belli Creative» dizaýn studiýasy işläp taýýarlady.
EXPO-2025 Bütindünýä sergisi 13-nji aprelden 13-nji oktýabra çenli Osakanyň aýlagyndaky Ýumeşima emeli adasynda geçirilýär.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:36
6.4k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......