Haýsy şäherlerde bir otagly öýi kärendesine almak has gymmat: dünýä paýtagtlarynyň reýtingi

  • 30.09.2025 09:37
  • 9.6k+

RIA Nowosti agentliginiň analitikleri açyk maglumatlaryň esasynda dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň paýtagtlarynda bir otagly öýi kärendesine almagyň bahasyny hasaplady. Hasaplamalara görä, ýaşaýyş jaýy Londonda we Singapurda has gymmata düşýär – aýda 2,7 müň dollardan gowrak.

Londonda bir otagly öýüň kärendesi ortaça 2,7 müň dollara barabar bolsa, şäheriň merkezinde ol 3,1 müň dollara hem ýetýär. Singapurda baha birneme pes, ýöne 2,7 müň dollardan geçýär.
Waşingtonda (ABŞ) ýaşaýyş jaýy ortaça 2,3 müň dollara düşýär, Amsterdamda bolsa, takmynan, 50 dollar arzan. Dublinde (Irlandiýa) bir otagly öýüň ortaça kärende bahasy, takmynan, 2,2 müň dollara deň.
Kärende bahalary ýokary bolan paýtagtlaryň onlugyna ortaça 2,16 müň dollar bilen Reýkýawik (Islandiýa) hem girýär, onuň yzyndan Lýuksemburg we Gonkong (2 müň dollar), Şweýsariýanyň Bern şäheri (1,8 müň dollar) we Daniýanyň Kopengagen şäheri (1,75 müň dollar) gelýär.
Iň arzan öý Bangladeşiň paýtagtynda – Dakkada bar, bu ýerde ortaça aýlyk kärende tölegi 93 dollardan geçmeýär. Yslamabatda (Pakistan) öý 158 dollara, Lusakada (Zambiýa) we Kairde (Müsür) 175 dollara, Alžirde 184 dollara düşer. Nýu-Delide (Hindistan) bir otagly öýi, takmynan, 185 dollara kärendesine alyp bolýar. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......