Hökümet mejlisinde oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi maslahatlaşyldy

  • 26.09.2025 11:25
  • 9.6k+

25-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowa oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çärelerdir dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem oktýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, dürli maslahatlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen bagly oktýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmek, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......