Balkandaky döwlet drama teatry TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwalyna çykyş edýär

  • 25.09.2025 14:23
  • 1.7k+

Balkan welaýatyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry III Halkara TÜRКSOÝ teatr festiwalynda Türkmenistana wekilçilik edýär. Forum 21–26-njy sentýabrda şu ýyl Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Aktau şäherinde geçirilýär.

26-njy sentýabrda türkmen topary N.Janturin adyndaky welaýat sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Baýram han Türkmen» atly sahna bilen çykyş eder.
Festiwala Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Wengriýadan, Türkmenistandan we Gazagystandan jemi dokuz teatr topary gatnaşýar. Oýunlary şol ýurtlaryň režissýorlary, dramaturglary we tankytçylary bahalandyrar.
Çäräniň maksatnamasy diňe bir sahna çykyşlary bilen çäklenmeýär. Onda pikir alyşmalar we okuw maslahatlary hem bar. Mundan öň «Türki dünýäsiniň teatrlary: medeni utgaşmak, döredijilik aragatnaşygy we döwrebap ösüş ugurlary» atly tematika boýunça direktorlar geňeşiniň on birinji maslahaty geçirildi. Oňa TÜRКSOÝ-nyň ýolbaşçylary we gurama agza döwletleriň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.


19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......