Azerbaýjan nebit tankerini gurup, Türkmenistana sowgat berer

  • 21.09.2025 00:52
  • 11k+

Baku gämi gurluşyk zawodynda 8 müň tonna ýük göterijilikli nebit daşaýan tankeriň gurluşygy alnyp barylýar. Ol Azerbaýjanyň adyndan Türkmenistan üçin sowgat hökmünde, iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde berler. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahyp Nureddin Alekperow Awazadaky TIF 2025 Maýa goýum forumynda çykyş edip aýtdy.

Alekperow bu taslamanyň şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýylyň başynda tamamlanmagy meýilleşdirilýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, gurluşyk iki ýurduň gämi gurluşygy ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň çäginde alnyp barylýar.
Çykyşynda ol ulag hyzmatdaşlygynyň giňelmegine garaşylýandygyny hem nygtady we Awazada (Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan) golaýda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygy ýatladyp, ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça baglaşylan Ähtnamalara ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, gazanylan ylalaşyklar ýurtlaryň arasyndaky işewür, syýahatçylyk we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.
Alekperow şeýle hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň logistiki baglanyşygynyň ähli yklym ýurtlary üçin peýdalydygyny nygtady.

«Öň ähli ýol Rim şäherine barýar diýilse, indi ähli ýol Türkmenistanyň üsti bilen geçýär diýip bileris. Sebäbi bu Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň gysga ýol» diýip, ýolbaşçy belledi.

Mundan başga-da, Alekperow Azerbaýjanda senagat, ulag, gurluşyk, söwda we hyzmat ulgamynda türkmen kapitaly bilen döredilen 78 sany kärhananyň üstünlikli işländigini aýtdy.
TIF 2025 forumy Hazar deňziniň kenarynda, Awazada geçirilip, işewür toparlaryň hem-de halkara guramalarynyň wekillerini birleşdirýär.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......