Microsoft, Google, Nvidia we beýleki kompaniýalar Britaniýada EA-nyň ösüşine $42 mlrd maýa goýar

  • 19.09.2025 00:56
  • 2.1k+

Iň uly amerikan tehnologiýa kompaniýalary 31 mlrd funt sterling möçberde (42,3 mlrd dollar) Beýik Britaniýa maýa goýumlary yglan etdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär.

Bu bildiriş ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp döwlet sapary bilen Londona gelen güni aýdyldy. Britan hökümeti ABŞ bilen emeli aňyň, kwant hasaplamalarynyň we ýadro energetikasynyň ösüşine gönükdirilen “tehnologiýa şertnamasyna” gol çekilendigini habar berdi.
Ylalaşyga görä, Microsoft serwer infrastrukturasyna, EA pudagynda taslamalara we Londonyň töwereginde täze superkompýuteri döretmäge 22 mlrd funt sterling maýa goýar. Google Londonyň golaýyndaky Uoltem-Kross şäherinde maglumat merkeziniň gurluşygyna we EA pudagynda gözleglere 5 mlrd funt sterling maýa goýar.
Çip öndürijisi Nvidia Beýik Britaniýany Stargate UK taslamasynyň çäklerinde 120 müň grafiki prosessor bilen üpjün eder. Taslama Britaniýanyň Nscale kompaniýasy we OpenAI amerikan kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Bu Ýewropada hasaplaýyş güýçleriniň iň uly klasterini döretmäge mümkinçilik berer.
CoreWeave kompaniýasy Şotlandiýanyň DataVita kompaniýasy bilen bilelikde energiýa taýdan netijeli maglumat merkezleriniň gurluşygyna 1,5 mlrd funt sterling maýa goýar. 


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

03.03.2026 13:28
722

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...