NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar

  • 18.09.2025 10:47
  • 2.1k+

NASA 10 gün dowam etjek we Aýa uçuşyň dowamynda geçjek Artemis II missiýasynyň çäklerinde AVATAR (A Virtual Astronaut Tissue Analog Response) synagyny geçirer.

Synaglaryň dowamynda “çipdäki beden agzalary” - Artemis II-niň astronawtlarynyň süňk ýiliginiň öýjüklerini öz içine alýan fleşkanyň ölçegindäki enjamlar ulanylar. Bu kindiwanja ulgamlar bedeniň kosmos radiasiýasyna we mikrograwitasiýa täsirini öwrenmäge mümkinçilik berer.

"Çipdäki organlarda" ýa-da mikrofiziologiki ulgamlarda ýüregiň, öýkeniň, bagryň we beýleki beden agzalarynyň işleýşine öýkünýän janly öýjükler bar. Synagda süňk ýiligini simulýasiýa edýän çipler, radiasiýa aşa duýgur we immun ulgamy üçin esasy dokumalar bolar.

Olary döretmek üçin astronawtlar gan nusgalaryny bererler. Emulate kompaniýasynyň alymlary olardan sütün öýjüklerini we süňk ýiliginiň özenini çykarýarlar we dokumanyň funksiýalaryny takyk çykarmak üçin damar öýjükleri we beýleki elementler bilen bilelikde çiplere ýerleşdirerler.
Synagyň aýratynlygy uzak kosmosdaky radiasiýanyň täsirini goralýan orbitada ýerleşýän HKS-de simulasiýa edip bolmajakdygy bilen baglydyr. Ýere gaýdyp gelnenden soň hünärmenler bir öýjükli RNK yzygiderliligini ulanyp öýjükleri seljererler we maglumatlary ýerdäki barlaglar bilen deňeşdirerler.
Alnan netijeler uzak möhletli uçuşlar wagtynda kosmonawtlaryň saglygyny goramagyň usullaryny ösdürmäge kömek eder we Ýerdäki şahsylaşdyrylan  lukmançylykda amal tapar.


düýn 19:32
1.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......