Toyota bZ7-ni görkezdi: Huawei-iň , Xiaomi-niň we Momenta-nyň tehnologiýalaryny alan, Camry-den uzyn sedan

  • 15.09.2025 11:52
  • 4.4k+

Toyota-GAC bileleşigi ýazda ilkinji gezek Şanhaý awtoulag sergisinde yglan edilen bZ7 elektrik sedanynyň resmi suratlaryny ýaýratdy. Şol bir wagtyň özünde modeliň ilkinji tehniki häsiýetnamasy yglan edildi.

Satuwlar 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlamaly.
BZ7 Toyota bZ elektrikli ulaglar hatarynyň flagmany bolar. Gabarasy 5130×1965×1506 mm, teker bazasy 3020 mm. Ölçegleri boýunça sedan, oklaryň arasyndaky aralygy goşmak bilen, Toyota Camry-niň hytaý görnüşinden 200 mm-den gowrak uzyn.

Awtoulagyň esasy wersiýasy iň ýokary tizligi sagatda 180 km bolan 281 at güýçli yzky okda ýekeje elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün ediler. Model üçin elektron ulgamlary Huawei üpjün edýär.
Ýöreýiş ätiýaçlygy we batareýanyň kuwwaty entek aýan edilmedi. BZ7-niň Toyota-nyň Xiaomi ekoulgamyna integrirlenen ilkinji elektrik ulagy boljakdygy mälimdir. Bu sürüjä “akylly öý” enjamlaryny awtoulagdan dolandyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, sedan Hytaýyň “Momenta” kompaniýasynyň gatnaşmagynda döredilen sürüjilere kömek ulgamlarynyň toplumyny alar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......