“Ženmin Žibao” gazetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasy çap edildi

  • 01.09.2025 12:58
  • 4.1k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Ženmin Žibao” gazetinde makalasy çap edildi.

"Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men muňa taýýardygymy beýan etdim. Şeýle uly we abraýly neşiriň köpmillionly okyjylaryna göni ýüzlenmek olara Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň düýp mazmunyny gowy bilmäge, biziň halklarymyzyň hatyrasyna we düýpli bähbitlerine laýyklykda, iki döwletiň häzirki hem-de geljekde alyp barjak bilelikdäki işlerine anyk baha bermäge ýardam eder diýip pikir edýärin" - diýlip makalada bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyz döwletler hökmünde öz gatnaşyklaryny ösdürýärler. Döwlet Baştutany 2013-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekilmegini uzak möhletli gatnaşyklaryň düýp mazmunyny hem-de ugruny kesgitlän taryhy waka hökmünde belledi.
Serdar Berdimuhamedow asyrlaryň dowamynda iki halkyň arasynda özara gatnaşyklaryň anyk nusgasynyň döredilendigini belledi.

"Türkmenistan bilen Hytaý ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ynamyny dünýäniň syýasy giňişliginde birleşdirýär. Energetika we azyk howpsuzlygy, epidemiýalara hem-de kesellere garşy göreşmek, adam hukuklary ýaly meselelerde, şol sanda ýaşaýşa, howpsuzlyga, saglyga hukuk ýaly düýpli meselelerde şol ýurtlara halkara gün tertibinde mynasyp ornuň üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşiň iň bir çylşyrymly ýyllarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň raýdaşlygyny hem-de özara kömegini belläp geçmek ýerlikli bolar. Türkmenistana derman serişdelerinidir enjamlary ibermekde goldaw berendigi üçin biz Hytaýa hemişe minnetdardyrys. «Hakyky dostluk kyn pursatda ýüze çykýar» diýen gadymy hytaý aýtgysy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gatnaşyklaryna doly derejede laýyk gelýär. Biziň dostlugymyz kyn synaglardan abraý bilen geçdi" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutany häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaýyň tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny belledi.

"Biziň ýurdumyzda ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň, şäher gurluşygynyň, önümçilik pudaklarynyň ösüşi tapgyrlaýyn esasda innowasion ugra geçirilýär. Şoňa görä-de, biz özara bähbit we uzak möhletli esasda bu işlere gatnaşmak teklibi bilen hytaý tarapyna ýüzlenýäris. Bu teklibiň Hytaýyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda oňyn seslenme döredendigini aýtmalydyryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
"Biziň ýurtlarymyz we halklarymyz öz öňlerinde duran maksatlary hem-de mümkinçilikleri aýdyň görüp, özboluşlylygy, aýratynlygy bilen bilelikde öňe barýarlar. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý hakyky dostlar, öz döwletleriniň, bütin adamzadyň ösüşiniň örän möhüm meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaşlar hem-de pikirdeşler bolup durýarlar. Biziň öňümizde duran ähli wezipeleri bilelikde ýerine ýetirjekdigimize berk ynanýaryn" diýip, makalada jemlenilýär.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....