Özbegistanda Afrikanyň çäginden daşary ýaýyň ulanylmagynyň iň gadymy yzlary tapyldy

  • 19.08.2025 14:11
  • 3.5k+

Halkara ylmy gözlegçileriň topary Özbegistanyň çäginde gadymy adamlaryň ýaý bilen oky, takmynan, 80 müň ýyl ozal ulanandygyny anyklady. Bu şeýle ýaragyň Afrikanyň çäginden daşary ulanylandygyna iň irki subutnamalaryň biridir diýip, RYA-nyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Eger Afrikada häzirki görnüşli adam eýýäm orta daş asyrynda (70-80 müň ýyl ozal) uzak aralykdan aw etmegi başaran bolsa, Ýewraziýada ol giçki daş asyrynda, ösen tehnologiýalaryň döwründe ýüze çykypdyr diýlip hasaplanýardy. Bu garaýyşlary üýtgedýän tapyndylar Özbegistanda daş asyryna degişli Obi-Rahmat diýen ýerde ýüze çykaryldy we 80 müň ýyl ozal bilen senelenýär” – diýlip, institutyň habarynda aýdylýar.

Obi-Rahmat gowagy köp gatlakly aw ýeridir. Bu toprak gatlaklary umumylykda 10 m galyňlyga ýetýär we 40 – 80 müň ýyl ozalky döwri öz içine alýar. Aşaky gatlaklarda 3 sm çenli ululykda üçburç şekilli daş döwükleri tapyldy. Olaryň näme maksat bilen ulanylandygyny bilmek üçin trasologiýa usuly ulanyldy.
Artefaktlarda zyňylýan ýaraglar üçin häsiýetli bolan könelme yzlary tapyldy. Netijede, bu daşlaryň peýkamlaryň ujy bolandygy anyklandy.
Institut şeýle tapyndylaryň Afrikanyň çäginden daşarda ýaý bilen aw awlamagyň ýüze çykan wagtyny ep-esli üýtgedýändigini belledi.

“Bu açyşda esasy gymmatlyk gowakda hem neandertallaryň, hem häzirki adamlaryň gadymy wekilleriniň aýratynlyklaryny özünde jemleýän adamlaryň süňkleriniň tapylmagy boldy. Bu tapyndy gadymy döwürde çylşyrymly aw tehnologiýasynyň nädip we kim tarapyndan özleşdirilendigine düşünmäge mümkinçilik berýär” – diýip, institutda bellenildi.


22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......

27.04.2026 15:24
5k+

Arheologlar Yssyk-kölüň düýbündäki suw astynda galan orta asyr şäheriniň syrlaryny açdylar

Halkara arheologik ekspedisiýasy Yssyk-kölüň Töru-Aýgyr obasynyň golaýyndaky suw howzunda geçirilen giň möçberli barlaglaryň netijelerini mälim etdi. Alymlar diňe bir orta asyr şäheriniň köçeleriniň kartasyny......