Karate boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 3-13-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän adaty karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynda ýokary netijeleri görkezdiler.
Ýaryşyň netijelerine görä türkmen türgenleri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar. Ýaş karateçiler kata we kumite ýaly şahsy ugurlar boýunça aňrybaş üstünlikli çykyşlaryny görkezdiler.
Altyn medalçylar:
- Şamyrat Hojageldiýew (6-7 ýaş toparynda iki altyn medal);
- Aýlar Azadowa (10-11 ýaş);
- Damir Allaberdiýew (10-11 ýaş);
- Medine Gazakowa (12-13 ýaş);
- Adylşa Ataýew (14-15 ýaş);
- Ibragim Şagulyýew (16-17 ýaş);
- Nurgeldi Annagurbanow (18-21 ýaş);
- Hemra Begjanow (18-20 ýaş).
Kümüş medalçylar:
- Aýlar Ilhanowa (10-11 ýaş toparynda iki baýrak);
- Selim Myratdurdyýew (21-25 ýaş).
Bürünç medalçylar:
- Mähri Sähedowa (12-13 ýaş);
- Süleýman Röwşenow (12-13 ýaş);
- Soltanşa Atanyýazow (16-17 ýaş);
- Serdar Baýryýew (16-17 ýaş).
Çempionata sebitiň 5 döwletinden takmynan 500 türgen gatnaşdy. Bu ýaryşa Türkmenistandan Aşgabadyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.