Ulitkalaryň owadanlygy olaryň ýitip gitmek howpunyň astyna düşmegine sebäp boldy

  • 06.08.2025 17:42
  • 5.1k+

Alymlar topary diňe gündogar Kubanyň tokaýlarynda ýaşaýan Polymita agaç ulitkalaryny halas etmek boýunça maksatnamany işe girizdi. Bu mollýuskalar olaryň dürli reňkli çaňňalagyna islegiň ýokary bolmagy sebäpli ýitip gitmek howpunyň astyna düşdi diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Ulitkalaryň owadanlygy dünýäniň dürli künjeginden kolleksionerleri we şaý-sep ýasaýjylary özüne çekýär, bu hem giň gerimli gizlin söwdanyň sebäbine öwrüldi. Bu mollýuskalaryň çaňňalaklary üçin ýiti aw başlandy.
Ylma Polymita-nyň jemi alty görnüşi belli. Olardan iň seýrek duşýany Polymita sulphurosa bolup, onuň çaňňalagy gök nagyşlar we ýiti mämişi zolaklar bilen laým-ýaşyl reňklidir.

“Olaryň owadanlygy çaňňalaklary ýygnaýan we olary satýan adamlary özüne çekýär. Şonuň üçin alym hökmünde meniň üçin olary aýratyn we gyzykly edýän zat, gynansak-da, olary ýitip gitmek howpunyň astynda-da goýýar” – diýip, Nottingem uniwersitetiniň professory Angus Dewison aýdýar.

Ýitip barýan görnüşleriň halkara söwdasy baradaky konwensiýanyň düzgünlerine görä, Kubadan ulitkalary we olaryň çaňňalaklaryny ýörite rugsat bolmazdan çykarmak bikanun hasaplanýar. Ýöne beýleki ýurtlarda olaryň satylmagyna gözegçilik edilmeýär diýen ýaly. Mysal üçin, onlaýn platformalarda satyjylardan tekliplere duş gelmek bolýar: ýedi çaňňalakdan ybarat toplum, takmynan, 160 funt sterling bilen bahalandyrylýar.
Dürli alymlar bu görnüşi öz usullary bilen saklamak ugrunda göreşýär. Gündogar Kuba uniwersitetinden biolog Bernardo Reýes-Tur Polymita-ny öý şertlerinde köpeldýär. Häzirlikçe ulitkalar köpelip başlamady, ýöne olar yssa we elektrik näsazlygyna garamazdan özüni gowy duýýar.
Şeýle-de, Nottingemden topar olaryň reňkine haýsy genleriň jogap berýändigini anyklamak üçin ulitkalaryň genlerini öwrenýär. Bu seýrek görnüşleri saklamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we olaryň özboluşly görnüşiniň ewolýusiýa sebäplerine düşünmäge kömek eder.


şu gün 08:10
545

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......