Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Mary we Lebap welaýatlarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresiniň geçiriljekdigi barada habar berdi.
4-nji awgustda iş orunlarynyň ýarmarkasy Mary etrabynda (Mary welaýaty) geçiriler. Çäre S.Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgünde, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Salgysy: Mary welaýaty, Mary şäheri, Mollanepes köçesi, 51-nji jaý.
Telefonlar: 800522-7-43-57; 800522-7-09-95.
5-nji awgustda iş orunlarynyň ýarmarkasy Murgap etrabynda (Mary welaýaty) geçiriler. Çäre Murgap etrabynyň Medeniýet müdirliginde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Salgysy: Mary welaýaty, Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşligi, Ýyldyzhan köçesi, 5-nji jaý.
Telefonlar: 800565-4-51-94; 800565-4-51-96.
4-nji awgustda iş orunlarynyň ýarmarkasy Türkmenabat şäherinde (Lebap welaýaty) geçiriler. Çäre şäheriň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Magtymguly köçesi, 2-nji jaý.
Telefon: +99342231728.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (pasport), eger bar bolsa, zähmet depderçesi bilen agzalan çärä gatnaşmaga çagyrylýar.