Gonkongda dyz bogunlaryna düşýän agramy iki esse azaltmaga kömek edýän ekzoskelet döredildi

  • 02.08.2025 00:13
  • 7.8k+

Gonkongly inženerler adam bedeniniň aşaky bölegi üçin geýilýän ýörite ekzoskelet işläp taýýarladylar. Bu enjam dyzyň bogunlaryna düşýän agramy 50%-e çenli azaldýar.

Enjam 20 ýaşdan uly, işjeň hereketdäki adamlar üçin niýetlenendir. Ekzoskelet dag gezelençlerinde, welosiped sürlende, lyžada typylanda we beýikli-pesli ýerlerde ýörelende ulanylyp bilner.
Enjam akkumulýator bilen işleýär we ulanylyş ýagdaýyna baglylykda 3 sagatdan 8 sagada çenli awtonom işläp bilýär. Mehaniki goldaw arkaly adam bedenine düşýän agram 20 kilograma çenli ýeňilleşýär, bu bolsa onuň çydamlylygyny artdyrýar we bogunlara zeper ýetmek howpuny azaldýar.
Bu oýlap tapyş eýýäm Kickstarter atly kraundfanding platformasynda peýda boldy. Enjamyň bahasy 699 dollardan başlaýar.


düýn 23:04
1.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
2.7k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.8k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......