ABŞ emeli aň pudagynda öňde barýar, Hytaý ikinji orunda

  • 30.07.2025 14:48
  • 3.3k+

ABŞ emeli aňyň ösüş derejesi boýunça ýurtlaryň global reýtinginde birinji orunda durýar. Hytaý ikinji orny, Beýik Britaniýa üçünji orny eýeledi. Şeýle maglumatlar Hytaýyň Ylmy we tehnologiki maglumat instituty tarapyndan Pekin uniwersiteti bilen bilelikde hödürlenen EA pudagynda global innowasiýa indeksi baradaky hasabatda getirilýär. Maglumatlar Şanhaýda geçirilen Bütindünýä emeli aň konferensiýasynda mälim edildi.

Gözleg 46 ýurdy öz içine aldy we bäş ölçege esaslandy: esasy goldaw, ösüş üçin resurslar we şertler, ylmy we tehnologiki gözlegler, senagat ulanylyşy we halkara hyzmatdaşlyk. Jemi 39 görkeziji ulanyldy we olaryň her biri üç derejeli şkala boýunça bahalandyryldy.
Hasabata görä, ABŞ we Hytaý esasy görkezijiler boýunça beýleki ýurtlardan ep-esli öňe geçýär. EA çiplerini öndürijileriň, öňdebaryjy hünärmenleriň, ylmy makalalaryň we ösen EA modelleriniň uly bölegi bu iki ýurduň paýyna düşýär.
Bahalandyryşyň netijeleri boýunça, ABŞ 100-den 77,97 bal, Hytaý – 58,01, Beýik Britaniýa – 36,60 bal gazandy. Şeýle-de, onluga Ýaponiýa (33,77), Günorta Koreýa (33,48), Germaniýa (32,22), Singapur (31,57), Fransiýa (30,98), Kanada (29,79) we Hindistan (29,41) girdi. Russiýa 17,49 bal netije bilen 30-njy orunda ýerleşdi.
Bütindünýä emeli aň konferensiýasy 26 – 28-nji iýulda Şanhaýda geçirildi. Ol 2018-nji ýyldan bäri her ýyl EA tehnologiýalarynyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin uly kompaniýalaryň, döwlet edaralarynyň, ylmy jemgyýetleriň wekillerini we hünärmenleri bir ýere jemleýär. 


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

09.06.2026 23:32
4.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......