Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýada geçirilen Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşdy

  • 28.07.2025 14:01
  • 8.6k+

25-nji iýulda Türkmenistanyň wise-premýeri N.H.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Altaý Respublikasynda geçirilen Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Maslahatyň esasy mowzuklary howanyň üýtgemegi, milli ykdysadyýetiň ösüşi hem-de biodürlüligi gorap saklamak boldy.
N.Atagulyýew maslahatda çykyş etmek bilen, ekologiýa howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de ýurdumyzyň tebigy mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlaryna çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Şeýle-de çykyşda Türkmenistanyň gatnaşýan ekologiýa ulgamyndaky halkara konwensiýalary, ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy ýerleri, bag nahallaryny oturtmak, agrosenagat we senagat pudaklaryna innowasiýa, suw tygşytlaýjy, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ýaly we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işler dogrusynda aýdyldy.


şu gün 07:51
662

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......