ABŞ-ly alymlar plastmassanyň, metalyň we aýnanyň häsiýetlerini birleşdirýän material döretdiler

  • 26.07.2025 17:01
  • 4.5k+

Tehas ştatynyň Hýuston şäherindäki Raýs uniwersitetiniň we Hýuston uniwersitetiniň alymlary bakterial sellýulozadan täze material döretdiler. Ol metalyň güýjüni, plastmassanyň çeýeligini we aýnanyň durulygyny özünde birleşdirýär.

Oýlap tapyş Nature Communications žurnalynda çap edilen barlagda beýan edildi diýip, Science Daily habar berýär.
Bakterial sellýuloza ekologiýa taýdan arassa çig mal bolup, adatça, onuň nanosüýümleri mehaniki güýjüni peseldip, gurluşsyz, nah matany ýada salýan tory emele getirýär. Professor Muhammet Maksud Rahmanyň ýolbaşçylygyndaky topar bu meseläni aýlanýan bioreaktor döretmek arkaly çözdi. Onda üznüksiz iýmit akymy Komagataeibacter hansenii bakteriýalarynyň nanosüýümlerini bir tarapa gönükdirip, tertipli gurluş döreýär.
Alnan materialdan taýýarlanan plýonkalaryň berkligi 436 megapaskala çenli ýetýär. Bu adaty bakterial sellýulozadan 137 % ýokary bolup, alýumin erginleri ýa-da aýna bilen deň hasaplanýar.
Boryň nitritiniň nanogatlaklarynyň goşulmagy berkligi 553 megapaskala çenli ýokarlandyrdy. Gibrid material köp plastmassadan ýokary bolup, arassa sellýulozadan ýylylygy üç esse netijeli dargadýar. Bu ony geljekde çeýe elektronika, gaplama, dokma we ýeňil gurluşlar üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.
Usul mehaniki uzalma ýaly çylşyrymly gaýtadan işleme zerurlygyny aradan aýyrýan üznüksiz prosese esaslanýar. Şeýle-de bolsa, alymlar tehnologiýany köpçülikleýin öndürmek üçin ulaltmagyň kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. On günlük ösdürip ýetişdiriş prosesi adaty plastmassa önümçiliginden has gymmat düşüp biler.
Barlagçylar usulyň ykdysady taýdan tygşytly bolmagynyň üstünde işlemegi dowam etdirýärler.


düýn 12:35
1.7k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.8k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......