Alymlar dem goýberiş boýunça öýkeniň rak keselini irki döwründe tapmagy öwrenýärler

  • 23.07.2025 07:19
  • 4.6k+

Kuban döwlet uniwersitetiniň we Krasnodardaky 1-nji ülke kliniki hassahanasynyň barlag institutynyň alymlary dem goýberilende çykýan howanyň düzümini seljermek arkaly öýkeniň rak keselini irki döwründe anyklamagyň usulynyň üstünde işleýärler. Tehnologiýada neýroset çemeleşmesi ulanylýar diýip, onkolog lukman Dmitriý Perunowa salgylanýan TASS habar berýär.

Onuň sözlerine görä, bu usul kliniki alamatlar ýüze çykmazdan ozal molekulýar derejede patologik üýtgemeleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Işläp taýýarlama başlangyç barlag döwründe anyklaýşyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, kompýuter tomografiýasyny ýaly adaty barlag usullaryna goşmaça hökmünde ulanylar diýlip çaklanylýar.

"Öýkeniň rak keselini ir anyklamak aýratyn möhümdir - keselleriň takmynan 70% -i bejerginiň kän peýda bermeýän giçki döwürlerinde ýüze çykarylýar. AI-niň we täze çemeleşmeleriň ulanylmagy bu statistikany üýtgedip biler" - diýip, Perunow belleýär.

Ol esasy töwekgelçilik faktorynyň öňküsi ýaly çilim çekmeklik bolup galýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Bilermeniň pikirine görä, temmäkiden doly ýüz öwürmek  zyýanly çişleriň öňüni almakda möhüm düzüm bolup galýar.
Soňky 20 ýylda öýkeniň rak keselinden ölmekligiň derejesiniň 17% azalmagy bilen alymlar barlag programmalaryny kämilleşdirmegiň we täze anyklaýyş hem-de bejeriş tehnologiýalaryny ösdürmegiň zerurdygyny nygtaýarlar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......