Äpet ýyrtyjy ihtiozawryň keşbi dikeldildi. Onuň sesi basýan ýüzgüçleri bolupdyr

  • 21.07.2025 13:51
  • 8k+

Paleontologlaryň halkara topary ýura döwrüniň äpet ihtiozawry bolan temnodontozawryň keşbini dikeldip, onuň özboluşly aýratynlygyny ýüze çykardylar. Onuň suwda ýüzýärkä sesi basmaga ukyply ýüzgüçleri bolupdyr diýip, Nature žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar.

Alymlar gadymy deňiz süýrenijileriniň arasynda hakyky ägirdi bolan temnodontozawryň gowy saklanan galyndylaryny öwrenmek üçin alty ýyl sarp etdiler. Süňküň bölekleri Germaniýanyň günorta-günbataryndan tapyldy we birnäçe ýyldan soň olar Şwesiýanyň Lund uniwersitetiniň taslama ýolbaşçysy doktor Ýohan Lindgreniň laboratoriýasyna düşdi.
Paleontologlaryňky şowuna düşdi – olaryň eline diňe bir süňkleriň däl, eýsem ýumşak dokumalaryň hem galyndylary bardy. Bu jandaryň ganata meňzeş ýüzgüji has hem gowy saklanypdyr.
Temnodontozawr 183 million ýyl töweregi ozal deňizlerde ýaşapdyr. Seljermäniň netijesine görä, onuň öň ýüzgüjiniň uzynlygy bir metr töweregi bolup, albatrosyň ganatyna meňzäpdir we soňky çärýek böleginde tutuşlygyna kekirdewükden durupdyr. Kelte aýaklarynyň arka gyralary egrem-bugram şekilli bolup, kekirdewük ösüntgiler bilen örtülipdir, olara "hondrodermler" diýilýär.
Alymlaryň aýtmagyna görä, temnodontozawryň uzynlygy 9-10 metr bolup, oňurgaly haýwanlaryň içinde iň uly gözlüsi hasaplanýar. Gözi futbol topunyň ululygynda bolupdyr. Ýiti gözleri garaňkyda aw etmäge mümkinçilik beripdir.
Bu gözleglere gatnaşan paleontolog Dean Lomaks "Men müňlerçe ihtiozawry gördüm, ýöne muňa meňzeşi hiç duşmady. Bu açyş gadymy haýwanlary dikeltmäge çemeleşmämizi üýtgeder" - diýip, barlaga gatnaşan paleontolog Din Lomaks gürrüň berdi.


düýn 17:37
1.7k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......