Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 20.07.2025 14:34
  • 4.2k+

18-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Leghari bilen duşuşdy.

Milli Parlamentiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, D.Gulmanowa ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.


şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......