Buharestde Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy

  • 19.07.2025 14:00
  • 2.7k+

Türkmenistan bilen Rumyniýa Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň 8-nji mejlisine taýýarlanyp başladylar. Mejlis 2025-nji ýylyň güýzünde Buharesde geçiriler.

Bu mesele Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Maýa goýum we daşarky söwda agentliginiň wise-prezidenti Doru-Klaudian Frunzulikeniň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy boldy.
Duşuşyk Rumyniýanyň paýtagtynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň sosial ulgamlarynda habar berilýär.
Taraplar maýa goýum, söwda, sanly transformasiýa, energetika we ulag ugurlarynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Ilçi Annaýew Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga we halkara maýa goýum ülňülerine laýyklygy üpjün etmäge çalyşýandygyny nygtady. Frunzulike bolsa, Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy artdyrmaga gyzyklanma bildirdi.
Türkmen tarapy rumyn kompaniýalaryny Türkmenistandaky halkara sergilere, işewürlik forumlaryna we bäsleşiklerine gatnaşmaga çagyrdy. Öz gezeginde, rumyn tarapy orta we uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän türkmen telekeçileri üçin maýa goýum maglumatlaryny hödürledi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we durnukly işewür gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......