“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş işgärlerine sowgatlar gowşurylar

  • 19.07.2025 12:55
  • 5.8k+

Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. 18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa şanly sene mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini gutlady. Şeýle hem wise-premýer bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hereketde” atly maslahatlary geçirmek, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary dabaraly gowşurmak, Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplarynyň, surat we milli saglygy goraýyş önümleriniň sergisini, aýdym-sazly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


20.06.2026 12:08
6.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......