Türkmenistan Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama goşulmagy meýilleşdirýär

  • 19.07.2025 12:04
  • 13k+

18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistan 1994-nji ýylda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk hakynda, 1998-nji ýylda ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda, 2006-njy ýylda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara goşulmak bilen, bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna ugurdaş halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanylan birnäçe teklipler hödürlenildi.
Hususan-da, 2017-nji ýylda kabul edilen Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama Türkmenistanyň goşulmak meselesini öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. 2021-nji ýylda güýje giren bu resminama şu günki güne çenli dünýäniň 94 döwleti goşuldy. Şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen bilelikde bu guramanyň Milli maglumat merkezleri üçin sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Oňa Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryndan Milli maglumat merkezleriniň utgaşdyryjylarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Şeýle-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Halkara monitoring ulgamyna degişli bolan we ýurdumyzda ýerleşýän seýsmologiýa stansiýasynyň işini kämilleşdirmek, Halkara monitoring ulgamyndan alynýan maglumatlaryň ýurdumyzyň ugurdaş edaralary tarapyndan peýdalanylmagyny ýola goýmak, Türkmenistanyň degişli halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi.
Döwlet Baştutany taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......