Grenlandiýada 3 km buzuň astyndan gadymy tundranyň galyndylary tapyldy. Ol ýerde haşhaş, moh we hatda leýlisaç ösüpdir

  • 16.07.2025 13:28
  • 7.2k+

Grenlandiýanyň köp bölegi buz we gar bilen örtülendir, şonuň üçin adanyň ady şoňa ýaňzydylyp goýlan. Emma bu hemişe beýle bolmandyr. Alymlar üç kilometrlik buz gatlagynyň astyndan gadymy tundra ekoulgamynyň yzlaryny tapdylar.

Earth.com tarapyndan neşir edilen barlagyň netijesi adanyň merkezi böleginiň geçmişde diňe bir buzsuz bolmak bilen çäklenmän, eýsem gül-gülälege bürenip oturandygyny görkezýär.
Barlagyň çäklerinde burawçylar Grenlandiýanyň iň beýik nokadynda 3,2 km çuňlukdan buz bölegini çykardylar. Alnan bölek Koloradodaky doňduryjy kamera ýerleşdirildi. Alymlary çökündi gatlagynyň soňky 7 sm-i haýran galdyrdy. Olarda haşhaşyň, leýlisaçyň, garaharsaňyň, kömelekleriň, mör-möjekleriň bölekleriniň we ösümlik sporalarynyň galyndylary bardy. Şeýle hem buzluk tarapyndan getirilen harsaňly 40 santimetrlik toprak zolagy tapyldy.
Barlagçylaryň sözlerine görä, tapyndy takmynan 2,7 million ýyl ozal başlanan Pleýstosen döwründe Grenlandiýanyň buz örtüginiň wagtal-wagtal yza çekilendigini we adanyň landşaftynyň ösümlikler bilen örtülendigini jedelsiz subut edýär. Şol bir wagtyň özünde, ýerdäki gar örtügi diňe tomsuň başyna çenli saklanypdyr.
Topar, materiallaryň üýtgewsiz saklanyp galandygy sebäpli, galyndylaryň hereket edýän buzluklar bilen getirilen bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamany aradan aýyrdy.
Alymlar Grenlandiýanyň buzlary ýene eräýse, deňiz derejesiniň 7 metr ýokarlanyp biljekdigini duýdurýarlar.

"Boston, Nýu-Ýork, Maýami, Mumbaý ýa-da dünýäniň beýleki kenarýaka şäherlerini alyp görüň we oňa 6 metr deňiz derejesini goşuň. Olar gürrüňsiz suw astynda galar. Kenar ýakadan jaýjagaz satyn alyjy bolaýmaň" – diýip, Birman maslahat berýär.


düýn 11:37
4.4k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.2k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.8k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.4k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......