Kofein çylşyrymly meseleleri çözmekde adamlaryň tutanýerliligini ýokarlandyrýar

  • 30.09.2025 10:22
  • 4.3k+

Täze barlag kofeniň çylşyrymly ýa-da bölekleýin çözmek mümkin bolmadyk meseleleri çözmekde tutanýerliligi ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi. Munuň täsiri dartgynly ýagdaýdaky adamlarda has hem göze ilýärdi.

Synaglara ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Amhýorst kollejiniň 329 talyby gatnaşdy. Gatnaşanlar çözüp bolmaýan elementli ýumuşlary ýerine ýetirip, bu onuň çözüp boljak bölegini tamamlandan soň synanyşyklara näçe wagtlarynyň gidendigine baha bermäge mümkinçilik berdi.
Birinji synagda kofeiniň 40 milligramlyk dozasy synagdan geçirilýänleriň tutanýerliliginiň dowamlylygyna düýpli täsir etmedi. Doza 100 milligramma çenli artdyrylanda (takmynan bir käse güýçli kofede bolýan mukdar), gatnaşyjylar wizual ýumuşlarda ýok zatlary gözlemek üçin has köp wagt sarp etdiler, ýöne anagrammalar bilen işlenende hiç hili täsir duýulmady. Kofein ýok zady gözlemek üçin sarp edilýän wagtyň umumy mukdaryny ortaça 38% -den 52% -e çenli ýokarlandyrdy.
Üçünji synagda barlagçylar dartgynlylyk ýüküni goşdular: gatnaşyjylar ellerini buz ýaly suwda sakladylar. Bu kortizolyň derejesini, esasanam, dartgynlylyk täsir edenden 20-30 minut soň ýokarlandyrýar. Netijeler dartgynlylygyň tutanýerliligi, esasanam, kofein alanlarda güýçlendirýändigini görkezdi. Bu gatnaşyjylar, kofein almadyklara ýa-da asla dartgynlylyga sezewar edilmediklere garanyňda, ýumuşlary çözmek üçin has köp wagt sarp etdiler.
Alymlar kofeniň ýadawlyga, höweslilige we dofamin, noradrenalin we adenozin ýaly neýrotransmitter ulgamlarynyň işleýşine täsir edip, tutanýerliligi ýokarlandyryp biljekdigini bellediler. Täsir dartgynlylygyň derejesine baglydyr. Takyk mehanizmlerini anyklamak üçin köpräk barlaglar geçirmek gerek.
Synagyň netijeleri Human Psychopharmacology: Clinical and Experimental žurnalynda çap edildi.


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.6k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......