Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meýlini beýan etdi

  • 16.07.2025 07:00
  • 6.6k+

15-nji iýulda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIIB) prezidenti, direktorlar geňeşiniň başlygy Szin Liçun bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň başynda AIIB-nyň prezidenti Szin Liçun bankyň Türkmenistan bilen bagly tejribesini paýlaşdy hem-de geljekde hyzmatdaşlyk etmek baradaky meýlini beýan etdi. Bankyň ýolbaşçysy şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagy meýilleşdirýändigi nygtady. Şeýle-de, bu çäräniň çäklerinde bankyň pawilýonyny guramaga meýilleriniň bardygyny beýan etdi.
Hoşniýetli we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda, taraplar hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem türkmen tarapy duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň häzirki zaman daşary syýasaty, halkara hyzmatdaşlygyndaky işjeň alyp barýan hereketleri barada giňişleýin gürrüň berdi.
Türkmen wekiliýeti bankyň prezidentine we bu edaranyň kitaphanasyna Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň hytaý dilindäki neşirini sowgat hökmünde gowşurdy.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....