Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi

  • 08.07.2025 10:34
  • 3.3k+

Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir.

Farmasewtika ylymlarynyň kandidaty Sergeý Rytçenkowa salgylanyp, “Rossiýskaýa gazeta” neşiriniň habar bermegine görä, derman serişdesi diňe tebigy maddalardan – ösümlik ekstraktyndan we aminokislotalardan ybarat.
Ol agyr şikeslerde, şol sanda meýdan şertlerinde ulanyp boljak emulsiýa görnüşindedir. Häzirki wagtda alymlar topary patent üçin resminamalary, tejribe nusgalaryny taýýarlaýar hem-de klinikadan öňki we kliniki synaglary geçirmegi meýilleşdirýär.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, gel deriniň bitmesi agyr şikeslerini we nemli bardalary bejermekde aýratyn orun eýeläp biler.


düýn 07:25
4.2k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.3k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.2k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.5k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......