Alymlar ilkinji gezek haýal ýertitremesini ýazgy etdiler

  • 02.07.2025 11:20
  • 10k+

Alymlar ilkinji gezek Ýaponiýanyň kenaryndaky suwasty çat açan zolagynda haýal ýertitremesini hasaba aldylar. Ostindäki Tehas uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan geçirilen barlaglar ýertitremeleriniň sunamini emele getirýänligi bilen belli umman çat açmasynyň uzaboýuna nädip ýaýraýandygyny görkezdi.

Haýal ýertitremeler diýilýäni kem-kemden – günleriň we hepdeleriň dowamynda ösýär. Olar tektonik plitalaryň arasyndaky basyşy aýyrmaga kömek edýär, weýrançylykly heläkçiligiň howpuny azaldýar. Phys.org-daky makalada bellenilişi ýaly, olar “tektonik amortizatorlaryň” funksiýasyny ýerine ýetirýär.

Barlag çat açmanyň golaýyndaky çuň suw guýusyna oturdylan datçikleriň kömegi bilen geçirildi. Taslama ýolbaşçylyk eden professor Demian Safferiň sözlerine görä, gurallar millimetre-de ýetmeýän süýşmäni ýazga aldy.
Birinji ýazga alnan bölüm 2015-nji ýylyň güýzünde, ikinjisi 2020-nji ýylda bolup geçdi. Iki ýagdaýda-da süýşmeler deňiz düýbüniň golaýynda bolup geçdi we geologik suwuklyklaryň ýokary basyşy bilen utgaşdy. Bu haýal ýertitremeleriň ýüze çykmagynda suwuk gurşawyň möhüm roluny tassyklady.
Nankaý jaýrygy öň güýçli ýertitremeleriň we sunamileriň çeşmesi bolupdy, ýöne täze barlaglar onuň käbir bölekleriniň bufer zolaklary bolup biljekdigini görkezdi.
Alymlaryň bellemegine görä, alnan maglumatlar, ýer ýüzüniň iň işjeň seýsmiki sebiti bolan Ýuwaş ummany halkasyndaky suwasty subduksiýa zolaklarynyň özüni alyp barşyna has gowy düşünmäge kömek eder.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....