Ýapon arheologlary gadymy gurallardan kanoe ýasap, daş asyrynyň adamlarynyň geçen ýoluny gaýtaladylar

  • 01.07.2025 17:52
  • 5.3k+

Ýapon we taýwan arheologlary paleolit döwrüniň adamlarynyň, takmynan, 30 müň ýyl ozal amala aşyran syýahatyna meňzeş howply deňiz syýahatyny amala aşyrdylar. Olar öz synaglaryny Science Advances žurnalynda beýan etdiler.

Tokio uniwersitetiniň professory Ýosuke Kaýfunyň ýolbaşçylygyndaky topar 7,5 metrlik gazma gaýygy (kanoe) ýasamak üçin gadymy daş gurallarynyň nusgalaryny ulandy. Barlagçylar oňa “Sugime” diýip at berdiler. Ol ýapon kedr agajynyň bitewi sütüninden ýasaldy. Mundan ozal alymlar sal gipotezasyny synagdan geçiripdiler, ýöne olar gaty haýal ýüzýärdi we berk däldi.
“Sugimede” arheologlar Taýwanyň gündogaryndan başlap, Okinawany öz içine alýan Rýukýu toparyndaky Ýonaguni adasyna çenli 225 km ýol geçdiler.

Olar 45 sagat ýüzdüler. Gatnaşyjylar diňe Günden, ýyldyzlardan, tolkunlardan we özleriniň duýgurlygyndan çelgi aldylar. Olar demir gurallary, kartalary ýa-da häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmadylar.

"Galyndylar we artefaktlar ýaly arheologik subutnamalar, şeýle zatlary deňziň ýuwup äkidýändigi sebäpli, doly şekili berip bilmeýär. Şonuň üçin biz 1947-nji ýylda norwegiýaly barlagçy Tur Heýerdalyň ýolbaşçylygyndaky “Kon-Tiki” ekspedisiýasyna meňzeş eksperimental arheologiýa ideýasyna ýüzlendik" – diýip, Kaifu düşündirdi.

Modelirleme gadymy usullary ulanmak bilen gurlan gäminiň dünýäniň iň güýçli akymlaryndan biri bolan Kurosio akymyny ýüzüp geçip biljekdigini, şeýle hem, syýahata Taýwanyň demirgazygyndan başlanmagy üstünlik gazanmak mümkinçiligini artdyrýandygyny görkezdi.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....