Awstraliýanyň gowaklaryndan ilkinji gözsüz ary we geň mumiýalanan möýler tapyldy

  • 01.07.2025 14:03
  • 10k+

Alymlar Awstraliýanyň Nallarbor düzlüginden içinde ozal görülmedik jandarlaryň mumiýalanan galyndylary bolan täsin gowaklary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda  gadymy möýler, saçakçylar, kyrkaýaklar we arylaryň dünýäde ilkinji asla gözsüz görnüşi bar.

Ary Pompilidae maşgalasynyň agzasy hökmünde klassifikasiýa edildi. Gözsüz arynyň doly ösmedik ganatlary, uzyn aýaklary we antenleri bar. Barlagçylaryň bellemegine görä, bu garaňkylykda ýaşamaga doly uýgunlaşan dünýäde ilkinji mör-möjek görnüşidir. Onuň gurluşyndaky üýtgeşiklik millionlarça ýyllap ýagtylygyň ýok şertlerinde ýaşandygy bilen düşündirilýär.
Hünärmenler golaýdaky gowaklardan Troglodiplura we, ähtimal, Tartarus görnüşindäki diri, gözsüz möýleri tapdylar. Juda uzyn aýakly bu solgun reňkli jandarlar gaýalaryň arasynda inçe torlar dokaýarlar. Troglodipluranyň her görnüşi diňe bir gowakda ýaşaýar, bu bolsa olary daşky gurşawyň üýtgemegine durnuksyz edýär.
Tapyndylar alymlara hemişe garaňkylyk we pes temperatura şertlerinde organizmleriň doly izolýasiýada nähili ösýändigine has gowy düşünmäge kömek edýär. Barlagçylar şeýle ekoulgamlaryň örän seýrek bolýandygyny hem-de ünsli öwrenilmegini we goralmagyny talap edýändigini bellediler.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....