Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

  • 27.06.2025 18:11
  • 5.9k+

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Bu missiýa arkaly wengriýaly, hindistanly we polşaly astronawtlar ilkinji gezek HKS-e bardy diýip, Space.com portaly habar berýär.

Crew Dragon Floridanyň kenaryndan Falcon 9 raketasy bilen uçuryldy. Uçuş bir günden gowrak dowam etdi, ýagny adatdakysyndan has uzaga çekdi. Şeýle-de bolsa, missiýanyň ähli tapgyrlary, şol sanda ilkinji basgançagyň gaýdyp gelmegi üstünlikli geçdi.
Ekipaž eýýäm stansiýa ýerleşdi, olary şol ýerdäki kärdeşleri mähirli garşy aldy.
Missiýa dört astronawt gatnaşýar: serkerde Peggi Uitson (ABŞ), uçarman Şubhanşu Şukla (Hindistan), hünärmenler Slawoş Uznanskiý-Wisnewskiý (Polşa) we Tibor Kapu (Wengriýa). Astronawtlaryň gatnaşygy Ýewropa kosmos agentligi (ESA) we Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy tarapyndan maliýeleşdirildi.

Peggi Uitson — NASA-nyň öňki astronawty. Ol bu missiýadan öň kosmosda amerikan astronawtlaryň arasynda rekord bolan 675 gün geçiripdi. Şeýle hem ol zenanlaryň arasynda açyk kosmosa iň köp gezek çykmak we bu çykyşlaryň dowamlylygy boýunça rekordyny saklaýar. Beýleki üç astronawt bolsa, orbita ilkinji gezek çykdy. Mundan ozal, hindistanly, wengriýaly we polşaly raýatlar diňe sowet gämileri bilen kosmosa uçupdy. Dogrusy, olaryň uçan döwründe HKS-iň hatda taslamasy hem ýokdy.
Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, häzirki wagtda stansiýada jemi 11 astronawt bar: täze baranlary ABŞ-dan üç, Russiýadan üç we Ýaponiýadan bir astronawt garşy aldy.
Ax-4 topary stansiýada iki hepde bolar we şol döwrüň dowamynda 60-dan gowrak ylmy-barlag geçirer. Axiom Space kompaniýasynyň üstünligini köpçülige ýetirmek we missiýa gatnaşýan ýurtlaryň raýatlarynda kosmos maksatnamalaryna bolan gyzyklanmany ýokarlandyrmak üçin, bu synaglaryň käbirleri jemgyýetçilige açyk görkeziler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....