RF-niň daşary işler ministri Lawrow ýaş türkmen diplomatlarynyň öňünde çykyş etdi

  • 26.06.2025 12:10
  • 8.1k+

25-nji iýunda Aşgabatda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Russiýanyň daşary işler ministri S.W.Lawrow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Ministr dünýä syýasatynyň soňky tendensiýalary baradaky garaýyşlary bilen paýlaşdy. Dürli ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilişi barada gürrüň berdi.
S.Lawrow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işine ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek biragyzdan ykrar edilen ýeke-täk ýurtdur.

"Türkmenistanyň birleşdirmäge gönükdirilen «Dialog-parahatçylygyň kepili»; «Merkezi Aziýa-parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy»; ýaly halkara başlangyçlary we şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşmagyny dowam etdirýär” – diýip, ministr Lawrow belledi.

Çykyşyň dowamynda Ýakyn Gündogardaky emele gelen ýagdaý bilen baglanyşykly Russiýanyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna beren dessin ýardamy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna rus tarapynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.
Çykyşyň ahyrynda sorag-jogap alyşmalar geçirildi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......