Türkmenistanyň we RF-niň Daşary işler ministrlikleri 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

  • 26.06.2025 11:58
  • 6.2k+

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň gün tertibine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geçirilýän duşuşyklary dowam etdirmäge çalyşýandygy bellenildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.
Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen diplomatlarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Saparyň çäklerinde myhman “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna baryp gördi we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......