Beýik Britaniýa raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

  • 25.06.2025 08:18
  • 12k+

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Beýik Britaniýanyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy ýurtlar boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Britan tarapynyň ýolbaşçylygy, Ýakyn Gündogarda emele gelen çylşyrymly ýagdaý bilen baglanyşykly, Beýik Britaniýanyň raýatlarynyň Eýrandan çykmagyna ýardam edenligi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Bu ädim Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär diýlip bellenildi.
Taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT-2025) atly halkara maýa goýum forumyna britan hususy toplumynyň wekilleriniň gatnaşmagynyň netijeliligi nygtaldy.
Şeýle-de, sebitleýin gün tertibi we 2025-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigi nygtaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda britan tarapy Türkmenistanyň beren ynsanperwer kömegi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....