Ýaponiýadaky Fudzi dagyna rezin tigirli üýtgeşik tramwaý goýberilýär

  • 24.06.2025 18:48
  • 8.7k+

Ýaponiýanyň Ýamanasi prefekturasynda adaty asfalt ýollardan hereket etjek rezin tigirli üýtgeşik tramwaýy işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Ýöne onuň hereketi magnit markerleriniň ulgamy bilen çäklendiriler.

The Asahi Shimbun neşiriniň habar bermegine görä, täze ulag görnüşi Fudzi dagyna barýan alpinistler we syýahatçylar üçin niýetlenýär. Aslynda, ol trolleýbusy ýada salýar: oňa relsler gerek däl, ol diňe ýollara gurnalan magnit liniýasy boýunça hereket edýär, şol sebäpli erkin gyşaryp ýa-da öwrülip bilmeýär.
Ýerli häkimiýetler howpsuzlyk, baha, ýolagçy akymyny sazlamak we rahatlyk ýaly ölçegleri göz öňünde tutup, jemgyýetçilik ulaglarynyň dürli görnüşlerini gözden geçirdi. Netijede, “Fudzi-tramwaý” deslapky adyny alan rezin tigirli tramwaý saýlandy.
Magnit ugrukdyryş ulgamy köpçülikleýin syýahatçylyk bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin iň amatlysy diýlip hasaplandy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti bolan Fudzi dagy her ýyl köp sanly myhmanlary özüne çekýär.
Täze ugur Fudziniň etegini deňiz derejesinden 2300 metr beýiklikde 5-nji stansiýa bilen birleşdirer. Ýolda tramwaý demirgazyk eňňidiň owadan ýerlerinden, şol sanda Kawaguçiko kölünden geçer.
Täze ulag görnüşi işe girizilenden soň, beýleki görnüşli ulag serişdelerine Fudzi-Subaru liniýasy boýunça hereket gadagan ediler. Bu çözgüt soňky ýyllarda barha artýan syýahatçylaryň akymyny çäklendirmek üçin kabul edildi. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......