Türkmenistan bilen Gresiýa syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirdi

  • 24.06.2025 12:36
  • 2.5k+

23-nji iýunda Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Gresiýanyň wekiliýetine Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Ukraina, Kawkaz, Gara deňiz we Merkezi Aziýa boýunça müdirliginiň direktory Dimitrios Mihalopulos ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy dialogyň derejesine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy.
Daşary syýasat babatynda ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de halkara meýdançalarynda özara goldaw bermäge bolan meýiller tassyklanyldy. Yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamak barada ylalaşyldy. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge degişli meselelere seredildi.
Söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Döwletara gatnaşyklar baradaky gürrüňiň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ylym, bilim, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......