Hytaýda seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda hazynadan doly gadymy aramgähler tapyldy

  • 22.06.2025 11:49
  • 7.7k+

Žiçžao şäher okrugynda (Şandun welaýaty, Hytaý) seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda arheologlar üç gadymy aramgähiň üstünden bardy. Bu barada Hytaýyň jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Arheologiýa institutyna salgylanyp, Independent habar berýär.

Aramgählerden ikisi talanan bolup, biri asla ellenmedik diýen ýaly. Olarda jemi 70 töweregi predmet, şol sanda bürünç aýnalar, keramika, agaç çelekler, saç üçin bambuk gysgyçlary, mis möhürler, çotgalar, demir gylyçlar we ildirgiçler tapyldy.
Aramgähleriň birinde arheologlar Huan Szýa ady bilen bürünç möhüri tapdy. Iki aramgähde Huan familiýasy ýazylypdyr. Ylmy gözlegçiler bu ýerde garyndaşlaryň, ähtimal, är-aýalyň jaýlanandygyny çaklaýar.


Aramgähleriň golaýynda jesetleri jaýlama ýerine äkitmek üçin ulanylyp bilnen arabanyň yzlary tapyldy.
Aramgählerdäki süňklere düýpli zeper ýetipdir, şol sebäpli jaýlama däpleri barada maglumat bilmek başartmady. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, tapyndylar b.e.öň 206-njy ýyldan b.e. 220-nji ýylyna çenli sebitde hökümdarlyk eden Han nesilşalygynyň döwrüne degişlidir.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....