Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirilýär

  • 12.06.2025 22:28
  • 2.6k+

Şu gün, 12-nji iýunda Aşgabatda «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» hal­ka­ra ylmy mas­la­ha­t öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň yl­my jemgyýet­çi­li­giniň we­kil­le­rini, şeýle hem iki günlük foruma gatnaşyjylary gutlady.

"Biz äh­li ösüş­le­ri­mi­zi ylym bi­len aý­ryl­maz bag­la­nyş­dyr­ýa­rys. Şo­ňa gö­rä-de, Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň alym­la­ryň yl­myň we teh­ni­ka­nyň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry ba­bat­da öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ryn­da örän uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn" diýlip, metbugatda çap edilen gutlagda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, ta­ry­hy ge­lip çy­ky­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan türk­men hal­ky äh­li dö­wür­ler­de ylym­da se­bit de­re­je­sin­de hem, dün­ýä de­re­je­sin­de hem uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp­dyr.

"Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi in­no­wa­si­ýa­lar esa­syn­da di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, san­ly­laş­dyr­mak hem-de se­na­gat­laş­dyr­mak ug­run­da­ky iş­ler bi­len ut­ga­şyk­ly in­no­wa­si­ýa­lar we teh­no­lo­gik ylym­lar bo­ýun­ça tä­ze bi­lim­le­ri, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri öz­leş­dir­mek, tä­ze yl­my iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry, oý­lap ta­pyş çöz­güt­le­ri­ni mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze or­naş­dyr­mak, bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li ma­li­ýe, mad­dy-teh­ni­ki gol­daw­la­ry ber­ýä­ris" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Döwlet Baştutany ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­megi ýur­duň yl­my-teh­ni­ki ösüş de­re­je­si­niň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­niň bi­ri­ diýip atlandyrýar. Bu ugur­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, gaz­na­lar, as­so­sia­si­ýa­lar, da­şa­ry ýurt­la­ryň yl­my mer­kez­le­ri bi­len şert­na­ma­la­ry we yla­la­şyk­la­ry bag­laş­mak ar­ka­ly ylym hem-de teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da ýur­du­myz üçin mö­hüm düýp­li we ama­ly-yl­my me­se­le­ler bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýa­rys. Uzak Gün­do­gar, Ýu­waş um­man we Azi­ýa se­bit­le­ri, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­gar, Ýew­ro­pa we Ame­ri­ka döw­let­le­ri­niň iri ylym-bi­lim mer­kez­le­ri, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len yl­my-teh­ni­ki hyz­mat­daş­lyk tä­ze de­re­je­le­re çyk­ýar.


şu gün 02:15
140

Türkmenistan Halkara hukugyň ýyly baradaky başlangyja bagyşlanan çärelere taýýarlanýar

30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasy barada hasabat berdi...

düýn 18:19
3.1k+

Türkmenistanyň ilçisi Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy...

düýn 18:15
740

Türkmenistanyň DIM-inde Gruziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy boldy...

düýn 18:11
995

Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy...