Türkmenistanyň DIM-i türkmen raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi boýunça aladasyny mälim etdi

  • 10.06.2025 16:32
  • 21k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi raýatlarymyzyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda aşa düşünişmezligini hem-de aladasyny mälim etdi. Degişli beýanat Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy.

"Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär" diýlip, habarda aýdylýar.

Ministrlikde bellemeklerine görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BMG-niň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk, durmuş, ynsanperwer we beýleki meseleleriniň çözülmegini kadalaşdyrýan konwensiýalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekdäki tejribesi dünýäde ilkinjileriň hataryndadyr. Bular barada BMG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň howandarlygynda geçirilýän dürli halkara forumlarda yzygiderli bellenilýär.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan ikitaraplaýyn ylalaşyklara laýyklykda daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ikitaraplaýyn esasda raýatlaryň girmegi we çykmagy bilen bagly meselelere netijeli garaýar. Munuň özi gyzyklanma bildirýän taraplaryň kanunçylygynyň berjaý edilşine talabalaýyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

"Türkmen tarapynyň çuňňur ynamyna görä, beýan edilen çäklendirmelere kybap çäreler kabul edýän ýurtda daşary ýurt raýatlarynyň gödek hukuk bozulmalary amala aşyran ýagdaýlarynda girizilýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurtlara, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň kanunlary berjaý etmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek".
Beýan edilenlere esaslanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýokarda agzalan çözgüde ugurlaryň giň toplumy boýunça ikitaraplaýyn türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ýokary netijelerini, şeýle hem onuň häzirki oňyn depginini, şol sanda migrasiýa syýasaty ýaly möhüm ugurdaky ösüşini göz öňünde tutmaýan gyssagly ädim hökmünde garaýar" diýlip, habarda aýdylýar.

 


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......