Aşgabatda 500-den gowrak adam «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonynda» ylgady

  • 01.06.2025 19:40
  • 13k+

31-nji maýda Aşgabatda 2025-nji ýylyň Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» geçirildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan köpçülikleýin sport çäresine 517 adam gatnaşdy.
Ylgaw Garaşsyzlyk seýilgähiniň daş-töwereginden ylgamak bilen geçirildi. Ol irden sagat 07:00-dan 11:00-a çenli dowam etdi. Ylgawyň başlanýan we tamamlanýan nokady Türkmenbaşy şaýoly bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň kesişýän ýerinde ýerleşdi.
Guramaçylar dürli ýaş toparlary üçin üç tapgyrly aralygy göz öňünde tutdylar: 2 km aralyga ylgaw 16 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenip, ol ýanlarynda uly ýaşlylaryň bolmagynda geçirildi, 5 km we 10 km aralykdaky ylgawlar bolsa 16 ýaşdan uly gatnaşyjylar üçin guraldy.
Sport çäresine gatnaşyjylar üçin zerur infrastruktura döredildi: çagalar üçin ýörite naharlanyş zolagy, 5 km we 10 km aralyga ylgaýanlar üçin suw içmek nokatlary we gök-miwe önümleri bilen iýmitlenmek meýdançalary guraldy.
Ýeňijiler we çäre işjeň gatnaşanlar baýraklar hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Çäräniň maksatnamasynda şadyýan ýaryşlar we sport bäsleşikleri hem göz öňünde tutuldy, olar baýrama aýratyn şowhun çaýyp, ajaýyp gurşaw bilen doldurdy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......