Lýuis Hemiltonyň kinokompaniýasy üç sany täze filmiň üstünde işleýär

  • 25.05.2025 23:35
  • 4.6k+

Monakonyň Monte-Karlo sebitinde geçirilen «Formula-1» filminiň ýapyk görkezilişinden soň, prodýuser we geňeşçi hökmünde çykyş eden, ýedi gezek dünýä çempiony bolan meşhur ýaryşçy Lýuis Hemilton öz uly maksatly meýilnamalaryny paýlaşdy diýip, «The Guardian» ýazýar.

Ol özüne degişli bolan «Dawn Apollo» atly kinokompaniýanyň çäginde üç sany täze filmi döretmegi meýilleşdirýär. Hemilton bu taslamalaryň ikisiniň animasion film boljakdygyny, biriniň ssenariýsiniň üstünde eýýämden işlenýändigini aýtdy.
Maks Werstappen bolsa ýaryşdan daşary çäreler bilen kän bir gyzyklanmaýar. Ol «Formula-1» filminiň ýapyk görkezilişine çagyrylsa-da, wagtyny maşgalasy bilen bile geçiripdir. «Formula-1» boýunça dört gezek dünýä çempiony bolan Werstappen çärä gatnaşmazlygynyň sebäbini ýoldaşy Kelli Pike çagaly bolansoň, onuň bilen öýde köp wagt geçirmek islegi bilen düşündirdi.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....