Google aktýorsyz film döretmek üçin Flow EA guralyny hödürledi

  • 25.05.2025 23:15
  • 2.7k+

Google teksti hakyky filmlere öwürýän täze Flow EA guralyny işe girizdi. Hyzmat aktýorlar, surata düşüriji topar, sahna bezegleri we adaty önümçilik bolmazdan kino döretmäge mümkinçilik berýär.

Flow diňe ABŞ-da elýeterli. Ýazylyşygyň bahasy çärýekde 20 – 250 dollara barabar.
Bu gural Google-yň birnäçe tehnologiýasyny birleşdirýär: wideo döretmek üçin Veo, ýokary hilli suratlary döretmek üçin Imagen we teksti gaýtadan işlemek üçin Gemini. Ulanyjylar sahnany suratlandyrmakdan başlap, ony gerekli netijä çenli redaktirläp biler. Soňra wirtual aktýorlaryň hereketi üçin görkezmeleri goşmak bolýar. Flow dürli sahnalarda personažlaryň daşky keşbiniň meňzeşligini saklaýar.
Şeýle-de, platforma kamerany dolandyryş gurallaryny hödürleýär. Mysal üçin, gerekli wizual netijäni almak üçin panorama, egilmek ýa-da kamera hereketi ýaly effektleri bermek mümkin. Ähli sahnalary we aýdylanlary saklap galmak hem-de gaýtadan ulanmak bolýar.
Aýratyn Flow TV bölümi Veo-nyň kömegi bilen döredilen nusgalar katalogyny saklaýar. Her bir nusganyň tekst beýany bolup, bu ulanyja täze pikirleri we sahnalary çalt döretmäge mümkinçilik berýär.
Flow adaty önümçilige çykdajy etmezden professional hilli wideolary çalt döretmek isleýänlere gönükdirilendir. 


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....